BILIM

Türkmen ýaşlary Astrahandaky foruma gatnaşýar

Türkmenistanly zehinli ýaşlaryň bir topary şu günler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda geçirilýän «SELIAS — 2020» maslahatyna gatnaşýar. Oňa biziň ildeşlerimizden başga-da, Gazagystandan we Russiýa Federasiýasynyň 50 oblastyndan gelen ýaşlar wekilçilik edýärler.

Umuman, 1-nji oktýabra çenli dowam etjek halkara maslahata ýaşlaryň 400-den gowragy gatnaşýar. Olar üçin bu ýerde okuw sapaklarynyň üçüsi hem-de döredijilik we taslama bäsleşigi guralýar.

Halkara ýaşlar maslahatynyň açylyş dabarasyna Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin hem gatnaşdy. Ol açylyş dabarasynda eden gutlag çykyşynda: «Bu maslahat her ýyl işjeň we zehinli ýaşlara öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmek üçin örän oňat meýdança. Onuň çägindäki bäsleşikleriň ýeňijileri 1 million 500 müň rubl möçberindäki baýrak gaznasyndan paýyny alarlar» diýip, gatnaşyjylary höweslendirdi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA

Iňlis nakyllary Türkmen dilinde : Makul Sözlük

Ata Watan Eserleri

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi : “Açyk Gapylar 2023”