BIZNES

Gruziýa awiakerosiniň 80 göterimini Türkmenistandan import edýär

«Gruziýada sarp edilýän awiakerosiniň 80 göterimi Türkmenistandan import edilýär» diýip, ýurduň nebit önümlerini import ediji birleşigi habar berýär.

Ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynyň bu birleşigiň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, diňe şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan satyn alnan awiakerosiniň mukdary iki esse köpeldi. Has takygy, Gruziýa biziň ýurdumyzdan 22,9 müň tonna awiasiýa kerosinini satyn aldy.

Mundan başga-da Türkmenistan Gruziýa bazaryna benzindir dizel ýangyjyny hem eksport edýär. Şu ýylyň birinji ýarymyna dostlukly döwlete bu önümleriň 50 müň tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 müň tonna köpdür.    

Related posts

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurt

Türkmenistan Petrol sektöründe görev değişikliği

Dr.Döwran Orazgylyjov

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy