DÜNÝÄ

Dünýäde ilkinji suwasty muzeý

Gresiýada dünýäde ilkinji suwasty muzeý döredildi. Bu muzeý bir mahal suwa gark bolan gäminiň töwereginde emele geldi. Häzir bu muzeýe syýahat etmek isleýänleriň sany barha artýar ― diýip, «Greece High Definition» neşiri ýazýar.

Suwasty muzeýiň açylyş dabarasynda sebitiň gubernatory Fessalii Kostas Agorastos we meşhur aýdymçy Sakis Ruwa gyzyl lentany kesmek üçin suwa çümdi.

Muzeý Egeý deňzindäki Peristeri adasynyň 25 metr çuňlugynda ýerleşýär. Bu ýerdäki gäminiň b.e. öň 425-nji ýylda gark bolandygy çaklanylýar.

 

Related posts

Türkmenistan-Fransiýa: hyzmatdaşlygyň köp ugurlary maslahatlaşyldy

Demirgazyk Irlandiýa plastik banknotlara geçýär

vepa

Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Ata Watan Eserleri