SPORT

“Ýuwentusyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy

Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň – Germaniýanyň, Angliýanyň we Ispaniýanyň milli futbol çempionatlarynda çempionlar mälim boldy. Olar çempionlyk kuboklaryny hem aldylar. Bu ýurtlardan soňra Italiýada hem çempion belli boldy. Ol hem yzly-yzyna 9-njy çempionlygy, umumylykda bolsa 36-njy çempionlygyny gazanan “Ýuwentus” topary boldy.

“Ýuwentus” geçen tapgyrda çempion bolup bilerdi. Ýöne “Udineze” toparyna 90+6-njy minutda ýeňlip, çempionlygyny bu hepde galdyrdy. Bu hepde bolsa 36-njy tapgyrda “Sampdoriýa” toparyny ýeňip, bassyr 9-njy çempionlygyny gazandy. Soňky ýyllarda Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynda “Ýuwentusa” taý tapylmaýar.

“Ýuwentus” topary 45-nji minutda Ronaldonyň hem-de 67-nji minutda Bernardeskiniň gollary bilen 2:0 hasabynda utup, çempion bolmagy başardy.

“Ýuwentusyň” yzly-yzyna gazanan 9-njy çempionlygy Ýewropanyň öňdebayrjy 5 ýurdunyň milli çempionatlarynda rekord dereje boldy. “Ýuwentus” topary geçen ýyl Fransiýanyň “Lion” toparynyň 2002-2008-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 8 gezek çempion bolmak rekord derejesine ýetdi.

Şeýle hem Ýewropada Germaniýanyň çempionatynda “Bawariýa” topary şu möwsümde çempion bolup, yzly-yzyna çempionlygyny 8-e ýetirdi.

“Ýuwentusyň” baş tälimçisi Maurisio Sarri karýerasynda ilkinji gezek milli çempionatda ýeňiji boldy. Hünärmen bu topara geçen ýylyň iýun aýyndan bäri tälim berýär.

“Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo bolsa bu topary bilen 3-nji kubogyny, karýerasyndaky  31-nji kubogyny eýeledi.

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi