SPORT

Ismailow Aleksandr Ýemelýanenkony  ýeňdi

Russiýanyň Soçi şäherinde garyşyk göreş boýunça tutluşyk geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan tutluşygynda garyşyk göreş boýunça türgen Magomed Ismailow garşydaşy Aleksandr Ýemelýanenkony tehniki nokaut bilen ýeňdi. Bu tutluşyk “АСА 107” ýaryşynyň esasy tutluşygy boldy.

Soçi şäherinde geçirilen tutluşyk 3-nji raunddan soň tamamlandy. Eminler wagtyndan öň tutluşygy saklady. Ýemelýanenko boýunyň uzynlygy hem-de agramynyň 23 kilogram agyrdygyna garamazdan, gysga boýly ýöne çalasyn garşydaşyndan ýeňildi.

Agyr agramda çykyş edýän Ýemelýanenko we Ismailowyň tutluşygy 3-nji aprelde Moskwa şäherinde geçirilmelidi. Emma koronawirus ýokanjy sebäpli bu tutluşyk 24-nji iýula geçirilipdi.

Magomed Ismailow “ACA” ýaryşlaryndaky çykyşlary bilen tanalýar. Ýemelýanenko bilen göreşmezden ozal geçiren tutluşyklarynda 15 gezek ýeňiş gazanyp, 2 gezek hem ýeňildi.

Ýemelýanenko “Pride” ýaryşlaryndaky çykyşlary bilen tanalýar. 38 ýaşly agyr agramdaky türgen 28 ýeňiş gazanyp, 8 gezek ýeňildi.

Ýene-de okaň

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler