SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

Russiýa Federasiýasy täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli 4 aýdan bäri ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny täzeden başlaýar. Uçar gatnawlary hem rus hem-de daşary ýurtly awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylar. 1-nji awgustdan başlap, Beýik Britaniýa, Türkiýe hem-de Tanzaniýa halkara gatnawlar başlaýar.

Moskwa we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitlerine gelýän ýolagçylara öň girizilen çäklendirmeler ýatyryldy.

– Halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda karar aldyk. Bu kararymyz epidemiologik ýagdaýy, keselleriň görkezijileri hem-de özara gatnaşyklar ýörelgeleri esasynda alyndy. 1-nji awgustdan başlap, Moskwa, Moskwa oblasty, Sankt-Peterburg we Rostow şäherleriniň howa menzillerinden gatnawlar ýola goýlar – diýip, Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin belläp geçdi.

Ilkinji tapgyrda Beýik Britaniýanyň diňe London şäherine gatnaw bolar. Türkiýede bolsa 1-nji awgustdan başlap, Antalýa we Stambula, 10-njy awgustdan bolsa Antalýa, Bodrum hem-de Dalaman sebitlerine gatnawlar ýola goýlar.

Russiýanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, ýene-de 30 ýurt bilen howa gatnawlaryny täzeden dikeltmek babatda gepleşikleriň geçirilýändigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler