SPORT

“Barselona” 12 futbolçysyny satmakçy

Ispaniýanyň “Barselona” topary öz düzüminde giňişleýin täzeleniş işlerini geçirmek isleýär. Şonuň toparyň düzümindäki köp sanly futbolçylary satmagy meýilleşdirýär.

“Marca” neşiriniň habar bermegine görä, katalon topary 12 futbolçysyny ibermekçi. Olaryň hatarynda toparyň häzirki agzalary Neto, Nelson Semedu, Samuel Umtiti, Junior Firpo, Iwan Rakitiç, Arturo Widal, Usman Dembele we Martin Breýtueýt bar.

Şeýle hem “Barsa” kärendesinden gaýdyp gelýän Karles Alena, Rafinho, Žan-Klera Todibo we Filipp Koutinýony satmak isleýär.

“Barselona” topary esasy bäsdeşi “Real Madrid” toparyndan  5 utuk yzda galyp, “La Liga” çempionatynda 2-nji orny eýeledi.

Related posts

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýewro-2020: Italiýa ilkinji finalçy

Ata Watan Eserleri

Bu oýunçy rekordlary täzeleýär