SPORT

“Altyn topda” 64 ýyl soňra ilkinji gezek

Ýewropada her ýylda ýylyň iň güýçli futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragy bu ýyl hiç kime berilmeýär. 1956-njy ýyldan bäri her ýyl yzygiderli gowşurylyp gelinýän “Altyn top” baýragy ilkinji gezek 2020-nji ýylda koronawirus ýokanjy sebäpli togtadyldy. Bu ýyl futbolyň iň arzyly şahsy baýragynyň berilmejekdigi döredilen gününden bäri ilkinji bolar.

Soňky 12 ýylda Lionel Messi tarapyndan alty gezek we Kristiano Ronaldo tarapyndan bäş gezek göterilen abraýly baýrak 2021-nji ýylda gaýdyp geler.

Muňa derek, Fransiýa futboly žurnaly dünýäniň dürli künjeklerinden 180 emin agzasy tarapyndan saýlanan 2020-nji ýyldaky “Dream Team” toparyny yglan eder.

Ýene-de okaň

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler