SPORT

Gattuzo ozalky toparyny ýeňip bilmedi

Gennaro Gattuzonyň tälim berýän “Napoli” topary Italiýa çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň çäginde “Milan” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 2: 2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. “Milan” toparynda futbol oýnan Gennaro Gattuzo şeýle hem bu topara tälimçilik berdi.

Ýer eýeleriň düzüminde Jowanni Di Lorenzo we Dries Mertens, milan toparynda Teo Hernández we Frank Cessi tapawutlandylar. Duşuşygyň ahyrynda myhmanlaryň düzüminde çykyş eden Aleksis Salemakers iki minudyň içinde iki sany sary kartoçka aldy we meýdançadan uzaklaşdyryldy.

“Napoli” we “Milan” Seriýa A çempionatynda öňki orunlarynda galdylar – degişlilikde altynjy we ýedinji orunda ýerleşdiler.

Related posts

“Adidas” muşdaklary üçin täze önüm

Transfer täzelikleri: “Çelsi” ýene-de bir futbolçy satyn aldy

Döwletjan Ýagşymyradowyň ýene-de bir tutluşygy galdy

Ata Watan Eserleri