SPORT

14 ýyldan soňra “La Liga” dolandy

Ispaniýanyň milli futbol çempionatynyň ikinji ligasy bolan “Segunda” ligasynda çykyş edýän “Kadis” topary 14 ýyldan soňra täzeden ýokary ligada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. 69 utuk toplan “Kadis” topary ikinji liganyň tamamlanmagyna 2 hepde galandygyna garamazdan, eýýäm ýokary liga çykjakdygyna ynamly garaýar. Bu ligada ikinji orunda barýan “Ueska” toparynyň utuk sany 64-e deňdir.
Ikinji ligada birinjiligi ýa-da ikinjiligi kepillendiren “Kadis” topary 2005/2006-njy ýylyň möwsüminde ýokary ligada oýnapdy.
“Kadis” toparynyň ýolbaşçysy Manuel Wiskaýno “La Liganyň” indiki möwsümi üçin eýýäm täze futbolçy hem satyn alandyklaryny belledi. Ol hem “Real Madrid” toparynyň ozalky hüjümçisi we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Alwaro Negroda boldy. Ol häzir 2018-nji ýyldan bäri “Al-Nasr” toparynda çykyş edýär.

Related posts

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynda näme üçin «Wel Barker» baýragy gowşurylmady?

“Arkadag” topary “Al Muharrak” topary bilen duşuşýar