DÜNÝÄ

Elton Jonuň hormatyna 85 müň dollarlyk teňňe çykaryldy

Angliýanyň Korol zikgehanasy (“Royal Mint”) britan aýdym-saz sunngatynyň ýarym asyrlyk ussady Elton Jonuň döredijiligini 1 müň funt-sterlinge barabar bolan altyn teňňe bilen gutlamagy makul bildi. Bilermenleriň pikirine görä, bu altyn şaýynyň auksion gymmaty 68 müň funt-sterlinge (85 müň dollara) deňdir. Bu barada “BBС” teleýaýlymy habar berýär.

“Royal Mint”-iň metbugat sekretary Kleýr Maklennan Elton Jonuň, şübhesiz, aýdym-saz ulgamynda rowaýata öwrülendigini we iň üstünlikli aýdymçylarynyň biri hökmünde ykrar edilendigini mälim etdi. Şeýlelikde, onuň britan aýdym-sazyna goşan goşandyny sarpalamak maksady bilen altyn şaýy puly çykaryldy.

73 ýaşly aýdymçynyň albomlarynyň 250 milliondan gowrak nusgasy tutuş dünýäde satyldy. Ol koronawirus ýokanjy sebäpli dünýä boýunça “Farewell Yellow Brick Road” atly hoşlaşyk aýdym-saz şüweleňini ýatyrmaly boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi