SPORT

Hawi bilen täze ylalaşyk

“Barselona” toparynyň lybasyny ençeme ýyl geýen Hawi bilen täze ylalaşyk baglaşyldy. Hawi indiki möwsümde “Barselona” toparynda tälimçi bolmaz. Çünki Hawi Kataryň “Al Sadd” topary bilen 2020-2021-nji ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli şertnamany uzaltdy. Bu barada habary “Al Sadd” topary jemgyýetçilik toparlarynda paýlaşdylar.
1998-2005-nji ýyllar aralygynda “Barselona” toparyna oýnan Hawi, 765 oýun oýnady. Hawi “Barselona” toparynda 8 gezek “Laliganyň”, 1 gezek Ispaniýanyň çempionatynyň, 3 gezek Ispaniýanyň kubogynyň eýesi boldy. Hawi Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýarymgoragçy bolup meýdança çykyp, 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy (2008, 2012).

Related posts

Habib ýylyň üstünlikli türgeni

Ata Watan Eserleri

Şu gün dünýä çempionatynda Seýitjan Mirzaýew ýaryşar

Lamin Ýamal ýaş futbolçylara berilýän “Kopa Trofi” baýragyny gazandy