SPORT

Hytaýyň çempionaty başlaýar

Hytaý Futbol Assosiasiýasy milli çempionaty 25-nji iýulda başlamak kararyna geldi. Bu guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Xinhua” habar gullugy şeýle habar berýär.

Bu milli çempionatyň täze möwsüminiň başlamagy ilkibaşda 22-nji fewralda meýilleşdirilipdi, ýöne oýunlar koronawirus pandemiýasy sebäpli belli bir möhletde yza süýşürildi. Bu oýunlary tomaşaçysyz geçiriler, jemi 16 topardan ybarat bolup, olar iki topara bölüner, her topardan iň oňat dört topar jemleýji tapgyra çykar. Iň soňky orny eýelän klublar esasy ligada öz ornuny saklamak üçin biri-biri bilen oýnarlar.

 

Related posts

“PSŽ” topary 13-nji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

Çempionlar ligasy: ispan toparlary üstün çykdy

Ata Watan Eserleri

Ramos “PSŽ” toparyna goşuldy