SPORT

Messiniň 700-nji goly

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi futbol durmuşyndaky 700-nji goluny geçirdi. Iki oýundan bäri Messiniň bu arzyla goluna garaşýan futbol janköýerleri ony “Atletiko Madrid” bilen “Barselonanyň” arasyndaky duşuşykda tomaşa etdiler.

Messiniň 700-nji goly 11 metrlik jerime urgusyndan boldy. Ol bu goluny şüweleňe öwürdi. 11 metrlik jerime urgusyny panenka görnüşinde geçirdi.

Messi bu goluny barmaklaryny şykgyldadyp gutlady. Argentinaly hüjümçi 700 goluň 630 sanysyny “Barselonanyň” düzüminde, galan 70 sanysyny bolsa Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde amala aşyrdy.

Messi ilkinji goluny 2005-nji ýylyň 1-nji maýynda “Albaseta” toparynyň, 100-nji goluny “Dinamo Kiýew” toparynyň, 200-nji goluny “Real Madrid” toparynyň, 300-nji goluny “Raýo” toparynyň, 400-nji goluny “Granada” toparynyň, 500-nji goluny Walensiýa toparynyň, 600-nji we 700-nji gollaryny bolsa “Atletiko” toparynyň derwezesinden geçirdi.

Messi gollarynyň 582-si çep aýagy, 92-sini sag aýagy, 24-üsini kellesi bilen geçirdi.

Dünýäde 700 gol geçiren 2 sany uly futbolçy bar. Olar Lionel Messi we Krisştiano Ronaldo.

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy