JEMGYÝET

Bekhamyň awtoulagy satuwa çykdy

Deýwid Bekhamyň haçan-da “Real Madrid” toparynda oýnap ýören wagtlarynda süren awtoulagy satuwa çykaryldy. 2003-nji ýylda Bekham “Real Madrid” toparynyň agzasy wagtlary öz awtoulagyny Angliýadan Ispaniýanyň paýtagtyna getirdi we häzirki wagta çenli aýawly saklady. Onuň awtoulagynyň kysymy “Aston Martin AMV8 Volante” bolup, 1988-nji ýylda öndürilen. Indi bu awtoulag “Awto söwdasy” söwda nokadynda takmynan 487,000 ýewro bahasy bilen satylýar.

Umuman aýdylanda bolsa, Bekham 3 million dollarlyk nusgawy lýuks awtoulaglar ýygyndysyna eýedigi çak edilýär. Häzirki wagtda bu awtoulaga isleg bildirýänleriň sany gün-günden artýar.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy