Ankarada Magtymguly Pyragynyň heykeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde, bu ýurduň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Medeniýet we syýahatçylyk ministriň orunbasary Nadir Alparslan, Daşary işler ministrliginiň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Ali Kaan Orbaý, Medeniýet işleri boýunça bölüminiň başlygy Aşkyn Çakmak, TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy we beýleki wekiller gatnaşdylar.

Şeýle hem baýramçylyk çäresine Gyrgyzystanyň, Alžiriň, Moldowanyň  we Gruziýanyň Türkiedäki Ilçileri, Ankara şäherinde ýerleşýän birnäçe diplomatik wekilhanalaryň diplomatlary, Türkiýäniň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň käbir deputatlary, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän käbir türk şereketleriniň wekilleri, Anadolu habar agentliginiň, TRT telewideniýesiniň, we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň edebiýatşynas mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyşlar edildi.

Related posts

Pezeşkian ilkinji gezek Türkmenistanda GDA-nyň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar

Putin bilen Pezeşkian Awazada duşuşarlar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Awaza geldi

Wladimir Putin 8–9-njy oktýabrda Türkmenistana geler

Walentina Matwiýenko iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmen dzýudoçylary Bakuda geçirilýän dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7-9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçiriljek halkara robot tehnologiýalary bäsleşigine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Berlinde “C5+1” döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti meýilleşdirilýär

Germaniýanyň ilçisi: 63 müň türkmen raýaty nemes dilini öwrenýär

5-nji oktýabr:Bütindünýä mugallymlar güni bellenilýär

Indiki XXI Aziýa oýunlary Dohada geçiriler

Şakiranyň Bişkekdäki konserti: 22 döwletden myhman geler

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri: italýan jaz aýdymçysy çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Dünýäniň iň gowy 1000 uniwersitetiniň sanawy täzelendi