SPORT

Futbol çempionatlarynyň daşary ýurtly tälimçileri

Sport gözleg merkezi (CIES) tarapyndan daşary ýurtlaryň milli futbol çempionatlarynda işleýän tälimçileriň sanawy düzüldi. Maglumatlar şu ýylyň iýun aýynyň birinji gününe çenli döwri öz içine alýar. 128 milli çempionat hasaba alyndy.

Reýtingde Argentina birinji ýeri eýeledi. Bu ýurduň 68 tälimçisi daşary ýurtda işleýär. Ikinji orny eýeleýän Ispaniýanyň 41 tälimçisi, üçünji orundaky Serbiýanyň tälimçileriniň 34-si daşary ýurtda zähmet çekýär.

Şeýle hem ilkinji onluga giren ýurtlar: Germaniýa, Italiýa, Portugaliýa, Urugwaý, Angliýa, Braziliýa we Fransiýa. Bu sanawda Russiýanyň 44-nji orny eýeläp, üç rus tälimçisi daşary ýurtda zähmet çekýär.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy