19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrýan çäreleri barada hasabat berdi.
Häzirki şertlerde global, yklym we sebit derejelerinde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2009-njy ýylda bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara gurama bolan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) döretmek baradaky başlangyjy goldan ilkinji döwletleriň biridir. Şeýle hem ýurdumyz 2018-nji ýylda bu düzümiň doly hukukly agzasy boldy. Häzirki döwürde 161 döwlet IRENA agentliginiň agzasydyr.
Durnukly energiýa ulgamyna geçmek boýunça dünýä ýurtlarynyň strategiýasyna goldaw bermek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda innowasion tehnologiýalary we ykdysady bilimleri öňe ilerletmek bu agentligiň işiniň esasy ugurlarydyr.
Milli Liderimiziň goldaw bermegi netijesinde, 2018-nji ýylda IRENA agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy düzüldi hem-de ýurdumyzyň degişli Pudagara iş topary döredildi. Bu toparyň halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy bilen birnäçe bilelikdäki mejlisleri we duşuşyklary guraldy.
IRENA agentligi bilen bir hatarda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (UNIDO), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär hem-de olar bilen bilelikde, her ýylda ugurdaş taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň bu ugra degişli döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli agentligi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň IRENA agentliginiň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisini bellemek hakyndaky teklip beýan edildi.
IRENA agentliginiň çäklerinde beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmak, döwletimiziň energetika ulgamyndaky tejribe bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň halkara energiýa guramalaryň çäklerinde alyp barýan işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllara IRENA agentliginiň Geňeşine saýlanmagy üçin hödürlemek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, teklipleri makullady.