SPORT

Dünýäniň iň ökde 4 futbolçysy

“Real Madridiň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Ronaldo futbol taryhynda iň gowy hasaplaýan dört oýunçynyň adyny aýtdy.

“AZERTAC”-yň habar bermegine görä, “Meniň üçin taryhda iň gowularyň sanawynda ilkinji dört sany futbolçy Pele, Maradona, Lionel Messi we Kriştiano Ronaldodyr. Futbol taryhynyň iň gowy oýunçylary” — diýip Ronaldo belläp geçýär.

Ronaldo ozal “Barselona”-nyň hüjümçisi Lionel Messiniň, “Liwerpul” – yň hüjümçisi Muhammet Salahyň, “Real Madrid”-iň oýunçysy Eden Hazardyň, PSŽ-nyň hüjümçisi Neýmar bilen Mbappeniň oýunlaryny yzarlaýandygyny aýtdy. Emma bu sanawa näme üçindir Ronaldo “Ýuwentusyň” hüjümçisi we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçusy Kriştiano Ronaldonyň adyny agzamady.

Ýene-de okaň

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy