SPORT

Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirilip bilner

UFC ýeňil agramyň çempiony Russiýaly Habib Nurmagomedow bilen Amerikaly Jastin Getžiniň arasyndaky söweşiň nirede bolup biljekdigi belli boldy. UFC-iň prezidenti Dana Waýt, ESPN-de geçiriljek UFC ýaryşyndan ozal geçirilen agramdan çekilişikden soň, bu tutluşygyň Abu Dabide (BAE) bolup biljekdigini belledi.

UFC ýaryşy BAE-e gaýdyp gelende Habib bilen Getžiniň arasyndaky söweşiň geçiriljekdigi baradaky soraga “Hawa” diýip jogap berdi. Iýul aýynda  Abu-Dabida şäherindäki “Ýas” adasynda dört ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan ozal rus bilen amerikanly türgenleriň arasyndaky söweşiň 19-njy sentýabrda meýilleşdirilýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Maý aýynda Toni Fergusony tehniki nokaut bilen ýeňip, Getži ýeňil agramda wagtlaýyn çempion bolandygyny bellemeli. Habib Nurmagomedow 28 ýeňiş bilen ýeňilmedik söweşijidigini hem ünsden düşürmeli däldir.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov