SIZDEN GELENLER

Datly Alma (tymsal)

Mugallym okuwyny gutarjak okuwçylaryndan iki sanysynyň ellerine sebet berip bagdan iň datly almalardan ýygmagy başaranyň uçurym boljakdygyny aýdýar. Ep-esli wagt geçenden soňra okuwçylar alma doly sebetler bilen dolanýarlar.

Okuwçylardan biri iň gowy, owadan we çüýrüksiz almadan dolduran sebetini özüne göwnü ýetýän uly ynam bilen mugallymyna tabşyrýar.

Yzyndanam beýleki okuwçy mugallymynyň öňüne sebedini goýýar. Ýöne bu ikinji okuwçynyň sebedindäki almalar beýleki okuwçynyňky ýaly abat hem-de owadan däl-de, eýsem ýere gaçyp garalan, ezilen hem-de mör-möjekli we hapady.

Mugallym ikinji okuwçysyna “Sen uçurym bolduň, ýoluň açyk bolsun!” diýip ony ugradýar. Muňa hiç-hili aň ýetirip bilmedik birinji okuwçy gaharlanyp, mugallymynyň adalatsyz çemeleşýändigini pikirlenip özüniň närazylygyny dile getirýär: “Düşünmedim-le men, bu nähili beýle bolýar?”

Mugallym okuwçysyna seslenmezden ýylgyrýar-da getirilen birinji sebetdäki almalaryň iň täzesinden we ikinji sebetden iň könesinden birini alyp, kesip oňa iýmäge hödür edýär. Okuwçynyň dadyp gören almalarynyň datlysy dogrudanam ikinji sebetdendi.

“Men size iň owadanyny däl-de iň datlysyny ýygmagy tabşyrypdym” diýýär mugallym.

Dogrudan hem, iýýän almalaryňyza üns beriň. Abat almany dadyň birem beýlekisini. Daş görnüşi enaýy bolsa-da tagamy nähilikä?

Hamala diýersiň ir-iýmişlerem edil adamzat ýaly ýaralandykça durmuşyň tagamy şonçada datlanýar, manylaşýar. Diýmek, ýaralarymyz bilen owadan hemmämiz.

 Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…