JEMGYÝET

Robotlaryň gündelik durmuşymyza ornaşmagy

Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda tehnologiýalar biziň durmuşymyza içgin ornaşdy. Şolar bilen bir hatarda robotlar belli bir pudaklarda giňden peýdalanylýar. Ynha, hemmämize mälim bolşy ýaly, koronowirus çäreleriniň çäginde käbir ýurtlarda ýapylan kärhanalaryň, döwlet edaralarynyň täzeden açylmagynda robotlaryň möhüm orny bar. Geliň, robotlaryň jemgyýetçilik merkezlerinde ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşalyň.

Günorta Koreýada

Robotlar geçen hepde-de Günorta Koreýanyň Renesse şäherinde ýerleşýän bir restoranda işe başlady. Sosial aralyk düzgünlerini durmuşa geçirmäge kömek etmek üçin meýilleşdirilen robotlar müşderileri garşy almaga, iýmit hödürlemäge we saçakdaky gap-gaçlary aýyrmaga ukyplydyr.

“The Verge” habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde restoranyň eýesi Leah Hu robot işçi ýüküni ep-esli azaldýandygyny aýratyn belläp geçýär. Emma muňa garamazdan, söwdanyň öňkülerçe bolmajakdygyny aýdýar.

Belgiýada

         Onlarça dilde gürleýän, gyzgynlygy anyklaýan we ýüz maskalaryny dogry geýmeýän adamlary gözegçilikde saklaýan robot Belgiýadaky keselhanada koronawirusyň ýaýramagyny çäklendirýär. “Cruzr Health” diýlip atlandyrylýan robotlar hassalaryň gyzgynlygyny barlamak üçin temperatura enjamyny ulanmagy başarýarlar. Hassalaryň temperatura ortaça bolan halatynda robotlarda ýaşyl yşyk ýanýar. Robotlar hassahananyň puluny we işçi güýjüni tygşytlaýar. Olar 34 dilde gürleýärler.

Häzirlikçe Belgiýada robotlar hassahanada ýerleşdirildi, ýöne şuňa meňzeş robotlar koronawirusa garşy göreşmek üçin hemme köpçülikleýin ýerlerde we edaralarda ulanylyp bilner.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi