BIZNES

Awtoulag önümçiliginde güýçler birikdirilýär

“Renault-Nissan” awtoulag bileleşigi çykdajylary azaltmak we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen täze teklibi yglan etdi. Täze teklip edilen taslamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli “Renault”, “Nissan” we “Mitsubishi” kompaniýalary birigip, bilelikde awtoulag önümçiligine başlarlar.

Awtomobil önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we täze awtoulaglar döretmek üçin üç kompaniýa hem bähbitli işleri ýerine ýetirmek göz öňüne tutulýar.  Şol bir wagtyň özünde bu üç hyzmatdaşlar içerki we daşarky bazarlary hem özara paýlaşarlar. Şeýlelik bilen “Renault” Ýewropa, Russiýa, Günorta Amerika we Afrika, “Mitsubishi” Günorta-Gündogar Aziýa we Okeaniýa döwletlerine, “Nissan” bolsa Ýaponiýa, Hytaý we ABŞ-nyň bazarlarynda öz söwda işlerini alyp bararlar.

Häzirki wagtda “Nissanyň” Ýewropa bazalarynda söwda işleri örän pese gaçýar. Kompaniýa esasan hem Barselonadaky zawody ýapmagy meýilleşdirýärler. Şonuň üçin bu täze taslama “Nissan” kompaniýasy üçin örän bähbitli bolar.

Ýene-de okaň

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri