DÜNÝÄ

Belgiýanyň şa gyzy harby talyp boldy  

Belgiýanyň Karoly Filippiň mirasdüşer gyzy Ýelizaweta ýurduň iň gowy ýokary okuw mekdebi hökmünde Karollyk Harby akademiýasynda okap başlady.

«People» neşiriniň ýazmagyna görä, girmesi hem-de okamasy örän kyn bolan bu akademiýa müňlerçe dalaşgärden her ýyl 150 adamy okuwa kabul edýär.

18 ýaşly melike erkek dalaşgärleriň hem ep-eslini yzda galdyryp, fransuz, golland dilleri we matematika boýunça synaglary örän üstünlikli tabşyrdy. Onuň psihologiýa boýunça synaglarda hem öz başarnygyny artykmajy bilen subut edendigini ýerli metbugat ýazýar.

Harby akademiýa okuwa girmezden ozal, Ýelizaweta Uelsdäki Atlantik kolležinde okady. Okuwlardan daşary, ol tennis, pianino, suw sporty, alpinimşzm we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary