SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýa syýahatçylara ýeňillik döreder

Ýaponiýanyň hökümeti ýurtda syýahatçylyk pudagyny gaýtadan dikeltmek boýunça 12,5 milliard dollaryň haýryndan geçmekçi. Bu barada ýurduň iri syýahatçylyk agentlikleriniň biriniň wekili Hiroşi Tabata habar berýär.

«The Japan Times» neşiriniň habaryna görä, CОVID-19 pandemiýasynyň iýun aýyndaky täsirine görä, Ýaponiýada daşary ýurtly syýahatçylara iýulda gapylary açmak meýilleşdirlýär. Hökümet syýahatçylaryň has köp gelmegini üpjün etmek üçin olara birnäçe ýeňillikleri hem hödürlär. Mahlasy, Ýaponiýa indi geljek syýahatçylar gezelenç üçin ozalkysyndan az serişde harç ederler.

Aýdylyşy ýaly, syýahatçylyk pudagynyň tas durup galmagyna çenli gelen Ýaponiýa pudagy gaýtadan gülletmek üçin käbir daşary ýurtlaryň alyp baran işlerini özüne ýörelge edinmekçi. Mysal üçin, geçen aýda Italiýanyň hökümeti syýahatçylara uçuş peteginiň ýarym bahasyny we myhmanhana üçin tölegiň üçden birini tölejekdigini aýdypdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ýapon syýahatçylygyna uly mukdarda girdeji getirmegine garaşylýardy. Ýöne Oýunlaryň 2021-nji ýyla geçirilmegi bilen, hökümet bu pudagy gülletmegiň başga ýollaryny gözlemeli boldy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýada syýahatçylyk 99,9 göterime çenli azaldy. Bu bolsa 1964-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň pes derejedir.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy