TEHNOLOGIÝA

Robotlar 60 dürli kofe taýýarlaýar

Günorta Koreýada koronawirus pandemiýasynyň ýaýran döwründe adamlara hyzmat edýän robotlar şäheriň käbir ýerlerinde ulanylyp başlandy. Işlenip düzülen robotlaryň 6 dürli sargydy 7 minutda hem-de 60 dürli kofe taýýarlap bilýändigi mälim edildi.

Ýurduň Tejon şäherinde müşderileriň kofelerini robotlar taýýarlaýar. Gysga wagtyň içinde şäheriň 30 dürli nokadynda robotlaryň hyzmatyndan peýdalanyp başlandy. Robotlaryň hyzmatynyň iş orunlarynyň azalmagyna sebäp bolýandygy üçin tankydy bellikler hem edilýär.

Robotlaryň işleýän iş nokatlarynda stollaryň arasyndaky araçäk, sargyt almak hem-de sargydy eltip bermek ýaly hyzmatlar üçin ähli işler jikme-jik oýlanyşykly işlenip düzülipdir.

Related posts

Xiaomi şereketi Android 12 ulanjak telefonlarynyň sanawyny mälim etdi

Internetiň tizligi üçin 60 emeli hemra

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary