SPORT

Martines Belgiýada galdy

Belgiýa futbol boýunça milli ýygyndysynyñ baş tälimçisi Roberto Martinesiň şertnamasynyň möhleti uzadyldy. 46 ýaşly ispaniýaly Martinesiň şertnamasyny 2022-nji ýyla çenli uzaltmak kararyna gelindi.

Roberto Martines 2016-njy ýyldan bäri, Belgiýanyñ baş tälimçilik wezipesinde işläp gelýär. 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen dünýä çempionatynda Martinesiñ ýolbaşçylygynda Belgiýanyň milli ýygyndysy üçünji orny ýagny, bürünç medaly eýelemegi başardylar. 2021-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyñ Belgiýa milli ýygyndysynyñ toparçasynda Daniýa, Finlýandiýa we Russiýa bar.

Related posts

“Çelsi” Oblak bilen gyzyklanýar

Ýewro-2020: Angliýa bilen Horwatiýa indiki tapgyrda

Mbappe üçin ylalaşdylar