JEMGYÝET

Sürüjileriň dykgatyna

Güneşli Diýarymyzda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar barha pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine gabat gelýän A-95, A-92, A-80 awtobenzini, dizel ýangyjy bilen sürüjiler ýangyç guýujy beketler gije-gündiziň dowamynda üpjün edilýär. Şonuň bilen bir hatarda «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 awtobenzini bökdençsiz yzygiderli ýetirilýär.

Hormatly raýatlar we sürüjiler! «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi nebit kärhanalarynda we ýangyç guýujy beketlerde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini size ýatladýar. Awtoulaglara ýangyç guýulýan wagty sürüjiler ulagy işletmeli däldir, bekediň töweregini hapalamak gadagandyr.

Nebit kärhanalaryna gelýän ýangyç daşaýjy awtoulaglara ýangyç guýlanda we daşalanda hem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri berjaý edilmelidir.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda onlaýn duşuşyk

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

Avaza’ da Uluslararası Ulaştırma ve Lojistik Konferansı

vepa