TEHNOLOGIÝA

“Apple” -iň täze önümleriniň çykjak senesi belli boldy

ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasy iOS 14 we beýleki täze programma üpjünçiligini we käbir täze önümlerini halk köpçüligine hödürlejek senesi mälim edildi. “Apple” kompaniýasynyň işläp düzüjileriniň bütindünýä maslahaty ( WWDC 2020) 22-nji iýunda geçiriler.

“Apple” -iň her ýyl WWDC döredijiler maslahatyny koronawirus epidemiýasy sebäpli internetde onlaýn görnüşinde geçiriler.

“NTV” habarlar gullugynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasynyň täze ykjam mobil işleýiş ulgamy (iOS14) tanyşdyrylar.

Diňe müňlerçe işläp düzüjiler däl, eýsem millionlarça “Apple” kompaniýasynyň muşdaklary hem WWDC maslahatyna garaşýarlar. Düzgün bolşy ýaly, WWDC-de kompaniýanyň iň möhüm we gyzykly täze önümlerini görkezilýär.

Kompaniýanyň nobatdaky iOS 14 programmasy öndürijiligi we howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin täzelik bolar.

Related posts

Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krossword

Ata Watan Eserleri

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

90 ýaşynda kosmos syýahatyny amala aşyrdy