TEHNOLOGIÝA

«Sony» kompaniýasyndan täze gulaklyk

«Sony» kompaniýasy täze simsiz «WF-SP800N» atly gulaklygyny alyjylara hödürledi. Onuň tanyşdyrylyş dabarasynda gulaklyk barada giňişleýin maglumat berildi. Kompaniýanyň täze öndüren gulaklygy suwa çydamly hem-de doly zarýady bilen 9 sagat işlemäge ukyplydyr. Bu gulaklyk esasan hem sport bilen meşgullanýan adamlara niýetlenen. Kompaniýanyň täze önümi özüniň rahatlygy we dizaýn aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň bu önümi ak, gara we gök reňklerde alyjylara hödürlener. Emma sargytlara görä gulaklyklaryň reňki üýtgär. Bu gulaklyklaryň bahasy 180 ýewro pul birligine barabar bolar. Täze gulaklyklara çip hem ýerleşdirip bolýar. Kompaniýanyň täze gulaklyklary alyjylar iýul aýynda söwda nokatlardan satyp alyp bilerler.

Related posts

Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektrik ulagy hyzmat eder

Reňkler dünýäsi üçin täze açyş

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi