SPORT

Ispaniýa we Italiýa uly futbola gaýdyp gelýär

Takmynan 2 aýdan bäri koronawirus sebäpli arakesme yglan edilen Ispaniýada we Italiýada uly futbola başlamagyň bosagasynda dur. Italiýadan soňra Ispaniýada hem futbol toparlaryna türgenleşiklere çykmaga rugsat berildi.

Italiýada toparlaýyn türgenleşikler 17-nji maýdan soň başlaýar. “Roma”, “Bologna” we “Sassuolo” toparlary türgenleşige başlajakdygyny mälim etdi.

Ispaniýada bolsa iýun aýyndan futbol duşuşyklarynyň geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Şonuň üçin türgenleşiklere rugsat berildi.

“Atletiko Bilbao” bilen “Real Sosýedad” toparlarynyň arasynda geçiriljek Ispaniýanyň Şa Kubogynyň final duşuşygynyň tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin toparlar bu babatdaky teklibini Ispaniýanyň Futbol federasiýasyna mälim etdi. Munuň üçin toparlaryň garaşyp biljekdigi aýdyldy.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy