“Transfermarkt” portaly koronawirus pandemiýasy sebäpli futbolçylaryň transfer bahalary pese gaçandan soňra iň gymmat 50 futbol toparynyň sanawyny düzdi. Bu sanaw portalyň “Instagram” jemgyýetçilik torundan çap edildi.
Internet portaly ýokanç keseli sebäpli emele gelen maliýe çökgünlilik döwründe futbolçylaryň bahasyny kesgitledi. Täze kesgitlenen bahalar boýunça gymmaty 1 milliard ýewrodan geçýän ýeke-täk topar Angliýanyň “Mançester Siti” (1,02 milliard) boldy. Onuň bilen bilelikde ilkinji 3-lige iňlis “Liwerpul” (967 million) we Ispaniýanyň “Real Madridi” (888,5 million) girýär.
Şeýle hem ilkinji onluga Ispaniýanyň “Barselona” (852,7 million), Fransiýanyň “PSŽ” (843,7 million), Germaniýanyň “Bawariýa” (756,6 million), Ispaniýanyň “Atletiko” (709 million), Angliýanyň “Tottenham Hotspur” (699 million), “Çelsi” (679,9 million) we “Mançester Ýunaýted” (646,7 million) toparlary goşuldy. Iň gymmat 50 toparyň arasynda Russiýanyň futbol toparlarynyň biri hem ýok.