JEMGYÝET

Şaşka ýaryşy metbugatda orun aldy

«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň hem-de «Makul hyzmat» terjime merkeziniň ýakyndan ýardam bermeginde şu ýylyň 29-njy aprelinde žurnalistleriň arasynda geçirilen şaşka ýaryşy metbugat sahypalarynda giňden beýan edilýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi internet sahypasynda, “https://turkmenportal.com/” internet neşirinde, şeýle hem ýurdumyzda gündelik neşir edilýän “Türkmenistan” gazetinde gyzykly we çekeleşikli geçen şaşka ýaryşy okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Bu ýaryş Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň, şeýle-de «Makul hyzmat» terjime merkeziniň bilelikde guramagynda žurnalistleriň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirilipdi.

Ýaryşda ýeňiji bolanlara bäsleşigi «Makul hyzmat» terjime merkezi tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri