DÜNÝÄ

Saharada balyk bar eken

Belgiýaly we Italiýaly alymlar Sahara çölünden — Liwiýanyň günorta-günbataryndan 18 müňden gowrak daşa öwrülen balyklaryň we beýleki suwda ýaşaýan jandarlaryň galyndylaryny tapdylar.

Alym-arheologlaryň çaklamalaryna görä, bu ýerler gadymy adamlaryň mesgen tutan ýeri bolupdyr. Oňa bu ýerlerden tapylan daşa öwrülen gap-gaçlaryň galyndylary hem şaýatlyk edýär. Tapylan balyklaryň galyndysynyň ikisi gadymy suw jandarlary bolan lakga we tilapiýa (afrika karasy) balyklaryna degişlidir.

Tapyndylar has gadymy döwre degişli bolup, şol wagtlar Sahara çölüniň häzirki tutýan meýdany umman bolupdyr.

Related posts

Halaf Halafow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Pen Liýuandan Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat

Tailand gözeli – “Dünýä gözeli 2025” baýragyny gazandy