JEMGYÝET

Çüýşedäki öý satylýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde 1978-nji ýylda gurlan 18 million dollarlyk ýerasty öý satlyga çykaryldy ― diýip, «Esquire» habar berýär.

Öýüň binagäri onda ýaşaýanlaryň özüni ýeriň astynda ýaly duýmazlygy üçin elinden gelen tagallalary edipdir.

Amerikada geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ýüze çykan ýadro söweşleri netijesinde, ilaty bu söweşleriň täsirinden goramak üçin ýerasty öýler gurlupdyr. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, ABŞ-da şeýle öýleriň 200-e ýakyny bar.

Şeýle bolansoň, tehasly binagär Jeý Sueýzi «Çüşäniň içindäki öý» taslamasyny durmuşa geçirmäge girişipdir. Häzirki satlyga çykarylan öýi hem ol Žirard Henderson atly bir işewür üçin guran eken.

Ýerasty öýde howuz, agaçlar we güller bar. Onuň diwarlarynda bolsa hakykata golaý tebigat şekilleri çekilipdir. Öýüň içindäki adam özüni asla ýeriň astyndadyryn öýtmeýär. Üstesine-de ol, Günüň dogmagy, garaňkynyň gatlyşmagy ýaly tebigy ýagdaýlardan hem habardar bolar.

Related posts

Merkezi Aziýa-Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi:Birinji maýa goýum forumy geçirmek teklip edildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň ilçisini kabul etdi