MEDENIÝET

Alp Arslan teatrynda «Ak gämi» sahnalaşdyryldy

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly drama oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan oýnuň saz bezegini Mämmet Hydyrow bilen Elman Geldimyradow ýerine ýetiren bolsa, oýnuň dowamyndaky tanslary Urmatkan Meläýewa goýupdyr. Sahna bezegleri bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Bekmyradow bilen Mekan Annamyradowa degişlidir. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oýunda dürli häsiýetdäki adamlaryň keşbi beýan edilýär. Orazkuluň, kempiriň keşpleri oýundaky gapma-garşylygy güýçlendirse, Mömin aga bilen Bekeýiň keşbinde sadadan mähirli atanyň hem-de gyzyň häsiýeti, Seýdahmediň keşbiniň üsti bilen şadyýan, hiç bir zadyň aladasyny etmän, aýdym aýdyp öz maşgalasyna hem-de töwerekdäki adamlara şatlyk paýlaýan adamlaryň keşbi, Nurgazynyň üsti bilen bolsa bilesigeliji çaganyň häsiýeti açylýar.

Sahnada atasynyň her gün gije Nurgaza aýdyp berýän ertekisi juda täsirli. Ol atasynyň ertekisi esasynda şahly ene suguny keramat hasaplaýar. Çaganyň her gün gije belent depä çykyp Bekeýiň çagasynyň bolmagyny, oňa öz şahlary bilen sallançak getirip bermegini sugundan haýyş etmegi tomaşaçylary diýseň tolgundyrdy. Bu wakanyň üsti bilen, ula hormat goýmak, adamlary ynjytmazlyk ýaly pikirler öňe sürülýär.

Orazkul birnäçe ýyldan soň, tokaýa gaýdyp gelen ene sugunyň sürüsini awlamagy Mömin aga bilen Seýdahmede tabşyryk berýär. Seýdahmet heniz kämillik ýaşyndaky ýigit. Onuň Güljemal atly gelni bilen ýeke ogul perzendi bar. Näçe islemese-de, gyzy Bekeýiň zulum görmän, bagtly ýaşamagy üçin sugunlary awlandan soň, Mömin aganyň saglygynyň ugry bolmaýar. Şol wakadan soň, her gün şahly ene sugunyň ýoluna garap, ondan ötünç soraýan Mömin aganyň hereketleri agtygy Nurgaza hem täsir edýär. Täze goýlan oýundaky şu wakanyň üsti bilen her bir atanyň öz perzendi üçin islendik işden ýüz öwürmejekdigini, öz perzendini janyndan hem eziz görýändigini görmek bolýar.

Yssykkölde ak gämi görnen badyna atasyna buşlaýan Nurgazy hemişe balyk bolup ýüzüp gidip, kakasynyň ýanyna barmak isleýär. Ine, oýnuň dowamynda garaşylmadyk ýagdaýda Nurgazy arzuwlaryna ýetmek üçin özüni suwa oklaýar. Bu bolsa biziň her birimiziň öň­de goýan maksatlarymyza ýetmek üçin hiç bir kynçylykdan çekinmeli däldigimizi salgy berýär.

Oýunda Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow Mömin aganyň, Gerek Hojamämmedowa kempiriň, Gülşat Meň­liýewa Bekeýiň, Sülgün Täşliýewa Güljemalyň, artistler Döwran Hojageldiýew Orazkuluň, Annageldi Gutlyýew Seýdahmediň, Söhbet Täçmämmedow Koketaýyň, Allaberdi Öwezow satyjynyň, Şirgeldi Saparow sürüjiniň, ýaşajyk artist Salyh Berdiýew bolsa Nurgazynyň keşplerini janlandyrdylar. Kesbinden kemal tapan halypalar bilen birlikde teatr sungatyna ýa­ňy gadam basan ýaşlar özlerine ynanylan keşpleri üstünlikli ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy