JEMGYÝET

«Türkmendemirbetonönümleri» 1-nji aprelde işini bes eder

Bu barada geçen hepdäniň şenbe güni «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde aýdyldy.

Şol bildirişde hem görkezilişi ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­de­mir­be­to­nö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakyndaky Permanyna hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň meseleleri hakyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýrugy esasynda «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň işini bes edip, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» zawodyna birikdirilmegi sebäpli, «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden ýapylýandygyny habar berýär.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» zawody Aşgabadyň Iri panelli jaý gurluşyk zawodyna birleşdirilip, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy diýlip atlandyrylýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Hepdelik täleýnama (14-20 sentýabr)

Ata Watan Eserleri

Dünýäde iň uly agyz açarlar

vepa