JEMGYÝET

8-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +25°, gündizine +32… +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 25—45 %.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +24°, gündizine +31… +33° maýyl bolar. Howanyňbasyşy 708 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24°, gündizine +29… +34°, kenarýaka etraplarynda +26… +31° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +29… +31°, basyşy 750 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Awazada: howa +27… +29°, basyşy 756 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkanabat şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 759 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Tejen şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Baýramaly şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 741 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Kerki şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10-30 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23°, gündizine +28… +33° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +28… +30°, basyşy 750 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

 

8-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar