JEMGYÝET

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda şeýle diýilýär: 

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Garaşsyzlyk şaýolunda, Bitarap Türkmenistan şaýolunda we Türkmenbaşy şaýolunda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklediriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Hormatly adamlar! Ýoluňyz ak bolsun, baýramyňyz gutly bolsun!

Related posts

1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar

Ata Watan Eserleri

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň ösen nusgasy

vepa