SPORT

57 ýyldan soňra uly hasaply ýeňiş

2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama tapgyrlarynyň tamamlanmagy üçin ýene-de bir duşuşyk galdy. Öz duşuşyklaryny San-Marinoda tamamlan Angliýanyň milli ýygyndysy 10:0 hasabynd ýeňip, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Bir öňku duşuşykda albaniýany 5:0 hasabynda ýeňen Angliýanyň ýygyndysy bu gezek San-Marinony 10:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Angliýanyň ýygyndysy 57 ýyldan soňra şeýle uly hasaply ýeňiş gazandy. Mundan ozal, 1964-nji ýylda Angliýa ABŞ-ny 10:0 hasabynda ýeňipdi.

Angliýanyň ýygyndysynyň tejribeli hüjümçisi Garry Keýn bu duşuşykda hem 4 gezke tapawutlandy. Şeýle hem ýygyndynyň düzüminde Garry Maguaýr, Emile Row, Bukaýo Saka, Tirone Mings, Temmi Abraham tapawutlandy.

Angliýanyň ýygyndysy bilen bir toparçada çykyş eden Polşanyň ýygyndysy ikinji orny eýeläp, dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin goşmaça duşuşyk geçirer.

Şeýle hem Şweýsariýanyň ýygyndysy hem dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu toparçadaky Ýewropa çempionatynyň çempiony Italiýa ikinji orunda galdy we olar hem dünýä çempionaty üçin goşmaça duşuşyk geçirmeli bolar.

Şeýlelikde, dünýä çempionatyna Ýewropadan gatnaşmaga hukuk gazanan toparlar: Horwatiýa, Germaniýa, Daniýa, Belgiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Angliýa we Şweýsariýa.

Şeýle hem  Braziliýa we ýer  eýeleri Katar çempionata gatnaşjak beýleki ýygyndylardyr.

Şu gün hem Ýewropa yklymy boýunça saýlama tapgyryň soňky duşuşyklary geçiriler. Bu ýerde hem Niderlandlaryň, Norwegiýanyň, Türkiýäniň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak mümkinçiligi bar.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-19-njy dekabry aralygynda geçiriler.

 

Türkmenistan Epidemiologiýa boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy