TEHNOLOGIÝA

40 milliard ýewrolyk maýa goýum

Germaniýanyň awtoulag giganty “Mersedes-Benz” elektrik awtoulag önümçiligine 40 milliard ýewro maýa goýjakdygyny we 2030-njy ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik ulgamyna öwrüljekdigini habar berdi.

Köp markalar soňky döwürde meşhur bolan elektrikli awtoulaglar sebäpli bu bazara ünsi jemleýärler. Nemes kompaniýasy 2022-nji we 2030-njy ýyllar aralygynda elektrikli awtoulag gözleglerine we ösüşine (R&D) 40 milliard ýewro maýa goýjakdygyny mälim etdi.

“Mersedes” kompaniýasy tarapyndan berlen beýanatda beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde 8 dürli batareýa öndürýän desganyň dörediljekdigi we 2025-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglaryň hemmesiniň 100% elektrik ýa-da gibrid boljakdygy mälim edildi.

Ýewropa Bileleşigi Geňeşi geçen hepdelerde öz sebitiniň çäginde dizel we benzin ulaglaryny 2035-nji ýyla çenli ulanmagy gadagan etjekdigini habar berdi. Şol sebäpli köp markalar doly elektrikli bolmak üçin maýa goýumlaryny artdyrýarlar.

 

 

Ýady uzak wagtlap saklamaga synanyşylýar

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi