TEHNOLOGIÝA

3D printeri arkaly jaý guruldy

Ýewropada ýerleşýän iň uly 3D printer Belgiýada hakyky iki gatly jaýy gurmak üçin ulanyldy. “Cnet” internet portalynyň maglumatlaryna görä, iki gatly jaýy gurmak üçin “BOD2” atly printeri ulandylar. Bu jaýyň gurluşy geçen ýylyň noýabr aýynda başlapdy. 3D printeri gurluşyk meýdançasyna getirilip, kranyň kömegi bilen ornaşdyrylypdy.

“BOD2” ornaşdyrylandan soňra hiç hili kömeksiz awtonom görnüşde işledi we diňe bir adam kompýuter ulgamyndan onuň işine gözegçilik etdi. Taslamany durmuşa geçiren Belgiýa kompaniýasy ofis ýa-da jaý ýaly binalary uzak möhletde satmagy meýilleşdirýär. Edil şular ýaly taslamany Meksikada hem durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

5G tizlikli ilkinji planşet

Ata Watan Eserleri

“iPhone 18” smartfonlary satuwa çykaryldy

Täze elektron önümler: Telefon, router, kompýuter we split

Ata Watan Eserleri