JEMGYÝET

32 ýylda 22 perzent

Beýik Britaniýaly Sýu we Noel Redfordlaryň maşgalasynda soňky 32 ýylyň içinde 22-nji perzent dünýä indi. Has takygy, 1989-njy ýyldan bäri olaryň 11 ogly we şonça-da gyzy bar. Hatda «Channel 5» teleýaýlymy bu maşgala barada dokumental film hem surata düşürdi.

Bu maşgalanyň iň körpe agzasy bolsan Heýdi geçen ýylyň aprelinde dünýä indi. Maşgala häzir ozal 10 adama niýetlenen garrylar öýünde ýaşaýar. Çagalaryň üçüsi rysgyny aýrylan hem bolsa, öýden girip-çykýanlar ýene-de ep-esli adam bar.

Maşgalanyň özüne degişli çaklaňrak hususy kärhanasy bar. Ýöne pandemiýa sebäpli bu kärhanada häzir işler onlaýn alnyp barylýar.

Çagalaryň idegi ene üçin hem ýeňil düşenok. Gündelik eşikleri ýuwmak üçin 18 kilogramlyk kir ýuwujy enjamynyň alnandygy hem muny tassyklaýar.

Maşgalada günde 7 litr süýt içilip, dört çörek iýilýär. Bir hepdede üç gap diş ýuwujy serişde satyn almaly bolýar. Her niçik hem bolsa Redfordlar özleriniň dünýäniň iň uly maşgalalarynyň biridigine guwanýarlar.

 

Ronaldonyň telekeçilik işleri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi