Raýdaşlyk bu umumy jemgyýetçilik toparlarynyň özara goldawy, ynançlaryň we hereketleriň bitewiligidir. Halkara raýdaşlyk güni 2006-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň kararyna laýyklykda tassyklanylýar. Her ýylyň 20-nji dekabry halkara raýdaşlyk güni hökmünde bütin dünýäde bellenilip geçilýär.
Mundan ozal, BMG tarapyndan 1992-nji ýylda garyplygy ýok etmek boýunça halkara güni döredildi. Halkara raýdaşlyk güni bolsa, has giň mazmuny öz içine alyp, diňe bir garyplyga garşy göreşmek üçin däl, eýsem, beýleki maksatlar üçin hem çözgüt tapýar. Bu halkara gününiň döredilmeginiň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlarynda garyplygy we sosial deňsizligi ýok etmekden, halklaryň arasynda raýdaşlyk düşünjesini öňe sürmekden ybaratdyr. Halkara raýdaşlyk güni raýdaşlyk barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän, garyplygy ýok etmek üçin has ýokary derejede raýdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýan we garyplygy ýok etmek bilen bagly täze başlangyçlar üçin hereket güni hasaplanylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan Durnukly ösüş maksatlary boýunça maksatnama kabul edildi. Garyplygy ýok etmek ugrundaky meseleler bolsa, 17 sany maksadyň birinjisi bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä ýurtlary garyplygy ýok etmek we şonuň netijesinde durnukly ösüş ýoluny dowam etdirmek ugrunda birnäçe işleri durmuşa geçirýär.
Bu halkara güni ýylda bir şygar astynda geçirilýär. Her ýyl halkara raýdaşlyk gününde resmi çäreler guralyp, onda edilen çykyşlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilýär.
Aýlar Atajykowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.