BIZNES

Halkara maýa goýum forumy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Bu çäräni şu ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Bu abraýly halkara forum Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek, Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri, nebithimiýa taslamalary we taslama mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berler we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary öz garaýyşlaryny we tejribelerini paýlaşarlar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogany doglan güni bilen gutlady

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar