MEDENIÝET

15-nji aprel Bütindünýä sungat güni

Her ýylyň aprel aýynyň 15-ine dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä sungat güni ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär. Onda ençeme döwletiň ýörite sungat ojaklarynda medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Bu baýramçylygyň 15-nji aprelde bellenilip geçilmeginiň asyl sebäpleriniň biri-de alymlaryň çaklamalaryna görä, 15-nji aprel Leonarda da Winçiniň doglan günüdir. Bu baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler dünýädäki sungatyň muşdaklarynda ýakymly täsir galdyrýar. Bu diňe bir döwletler tarapyndan bellenilip geçilmän, eýsem halkara guramalar tarapyndan hem giň gerimde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygy ÝUNESKO halkara guramasy hem ýokary guramaçylykly belläp geçýär.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi