JEMGYÝET

Türkmen milli kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy: «Açyk gapylar»

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy 2020—2021-nji okuw ýy­lyn­da oku­wa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 12-nji maýynda sagat 15.00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. «Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebiniň hünärleri, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülikleýin işleri barada giňişleýin maglumatlar, şeýle-de «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçesi, jaý 22.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-28-85, 92-36-11.

Related posts

Japonya, Türkmenistan’da yeni projelere yatırım yapacak

vepa

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Türkmenistanyň BAE bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýar