JEMGYÝET

1100 dollarlyk gawun

Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaido sebitinde ýetişýän “Ýubari” gawunlary üstümizdäki ýylda 120 müň ýene (takmynan 1100 dollar) dollar satyldy. Geçen ýyl bu gawunlar 5 million ýenden (takmynan, 46 müň dollar) satylypdy.

Ýurduň “Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Hokkaidonyň Sapporo şäherine degişli Ýubari etrabyndan ýetişýän bu gawunlar her ýyl müşderiler köpçüligine hödürlenýär. Daýhanlar gawunyň bu görnüşini her ýyl diýen ýaly 1 million ýenden (takmynan 9 müň 280 dollar) satýardylar. Ýöne bu ýyl koronawirus epidemiýasy sebäpli isleg bildirýänleriň sany az.

Mundan ozal bu gawun daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan hem uly islegden peýdalanýardy.

Related posts

2026-njy ýyl – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyryldy

Ata Watan Eserleri

«Google Earth» Ýeriň 37 ýyllyk özgermesini hödürleýär

Türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri