JEMGYÝET

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi. Mundan başga-da ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa hem berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli resminamalara gol çekdi.

Related posts

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň onlaýn mejlisi

Ata Watan Eserleri

Kadınlar Günü nedeniyle Para Hediyesi Takdimi yapılacak

vepa

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy

Leave a Comment