BILIM

Ýurdumyzyň bilim edaralary 1-nji sentýabrdan adaty tertipde işe başlar

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlamagy bilen,  ähli mekdepler — orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri ýene kadaly iş tertibine gaýdyp geler. Bu barada “Türkmenportal” neşirinde bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly ýokanç keselleriň ýurdumyza gelmeginiň öňüni almak üçin birnäçe çäreler görülip, okuw sagatlaryna çäklenmeler girizilipdi.

Täze okuw ýylyndan adaty iş tertibine geçmek mugallymlaryň işini ýeňilleşdirer. Şeýle hem sapagy düşündirmek, okuwçylaryň we talyplaryň bu ugurdaky bilimlerini barlamak üçin ýeterlik zerur bolan wagtyň üpjün edilmegine ýardam eder.

Related posts

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada hünärini ýokarlandyrýarlar

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi